Kitaphana barada

Çagalar otagy

Daşogyz welaýat kitaphanasynyň 1-nji gatynda çagalar üçin niýetlenen 20 orunlyk çagalaryň oýun otagy ýerleşýär . Otagda kitaphana gelýän çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu otagda çagalar ertirligi, ertekilerden sahnalaşdyrylan oýunlar, labyzly okaýyşlar,gurjak oýunlary, dürli gyzykly çäreler geçirilýär.Otagyň dürli dillerdäki ertekililerden,türkmen halk ertekilerinden ,çeper kitaplardan ybarat bolan kitap gaznasy,baýramçylyk çärelerini guramak üçin otagda owadan oýnawaçlar, saz gurallary , gurjak teatry üçin egin-eşikler, telewizor,surat çekmek üçin tagtajyklar bar.Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň körpe nesilleriniň dynç almaklary üçin çagalar otagynda ähli şertler döredilendir.

Miras otagy

Medeniýet döwletiň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Bu möhüm meseläni Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “Medeniýet halkyň kalbydyr”atly kitabynda juda jaýdar düşündirýär.Kitaphananyň 1-nji gatynda “Miras”otagy ýerleşýär.”Miras” otagynda geçmişden bize miras galan gadymy golýazmalaryň Türkmenistanyň milli ”Miras”merkezi tarapyndan çap edilen kitaplarynyň kitap sergisi guralandyr.Bu ýerde il sylagly ýaşulularymyz,mährem ene-mamalarymyz bilen duşuşyklar guralyp,olarda türkmen halkynyň ýokary ahlak,watançylyk häsiýetleri,gadymy milli däp-dessurlarymyz barada gyzykly söhbetdeşlikler,pikir alyşmalar,dessançy bagşylarymyzyň çykyşlary ,türkmen aýal-gyzlarynyň el hünäri baradaky söhbetdeşlileri guralýar.Geçirilýän medeni çäreleriň ösüp gelýän ýaş nesle watançylyk terbiýe bermekde ähmiýeti örän uludyr.

Mejlisler zaly

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň Mejlisler zaly medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän ýeri hasaplanýar.Kitaphananyň bölümleri türkmen halkynyň milli baýramçylyklaryna,şanly senelerine bagyşlanyp dürli dabaraly çäreleri yzygiderli guraýarlar.Bu ýerde okyjylar köpçüligi üçin Garaşsyz,Baky Bitarap Watanymyzda çap edilýän kitaplaryň tanyşdyrylyş dabaralary,täze neşir edilen kitaplardan okyjylar maslahatlary,kitapnama synlary geçirilýär.Şonuň ýaly-da kitaphananyň hünärmenleri bilen iş maslahatlary,welaýatyň kitaphana işgärleri bilen hünäri kämilleşdiriliş okuwlary geçirilýär.Welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri kitaphana işini döwrebap guramak boýunça özleriniň usuly maslahatlary bilen çykyş edýärler.Mejlisler zalynda şäheriň jemgyýetçilik guramalary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde hemişe medeni-köpçülik çärelerini-de guraýarlar.

Berkararlyk otagy

Berkararlyk otagynda türkmen telewideniýesiniň ýaýlymlary üçin ýazgy geçirmek üçin niýetlenen ýörite tegelek stol ýerleşdirlendir.Tegelek stoluň başynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikler,Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan beýik işler barada kitaphana işgärleriniň,jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de bilim,saglygy goraýyş,ykdysadyýet ulgamynmyň işgärleriniň gatnaşmagynda täsirli söhbetdeşlikler guralýar.Kitaphana işgärleri telegörüjileri kitaphananyň kitap gaznasy,täze gelen kitaplar,olaryň many-mazmuny bilen tanyşdyryp durýarlar.