Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “ Kitap ösüşlere yetiryän, kämillige itergi beryän güýçdir”.

S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasy  1958-nji ýyldan başlap Etrap merkezi kitaphanasy hökmünde iş alyp baryar. 2010-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziö tagallasy bilen kitaphana şahamçalary açyldy. Biruni, Adalat, S.Rozmetow geňeşliklerinde hereket edyän kitaphana şahamçalary şu günki günde  halkyň hyzmatynda. Merkezi we kitaphana şahamçalary häzirki  zaman tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilen .Elektron katalog ulgamy ,esasy  bölümlerden baögada kitap eltijilik boyunça ökde hünärmenler iş alyp baryar.

Sizi payhaslar ummany bilen yakyndan tanyşmaga çagyryarys.

S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasy

S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasy binasy 1958-nji ýylda gurlan. Okalga eýwany 35 okyja niýetlenen.Kitaphana 14 sany otagdan ybarat. Kitaphananyň gaznasy 72833 sany. Kitaphananyň bölümleri: a) Edebiýatlary toplamak we işlemek bölümi b) Kitaplary saklamak we hyzmat etmek bölümi ç) Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi d) Çagalar abonementi Etrap merkezi kitaphanasynda bar bolan gazet-žurnallar. Žurnallar: Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary,Medeniýet,Täze oba,Diýar,Zenan kalby,Güneş,Saglyk,Garagum,Dünýä edebiýaty,Ekologiýa medeniýeti.,Wozrojdeniýe. Gazetler:Türkmenistan, Neýtralnyý Türkmenistan, Esger,Habarlar,Bereketli toprak,Zaman-Türkmenistan,Türkmen sporty,Türkmen dünýäsi,Mugallymlar gazeti,Edebiýat we sungat,Daşoguz habarlary,Watan,Adalat,Nesil,Nebit-gaz. S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasy Nyýazow şäheriniň Watan köçesiniň 4-nji jaýynda ýerleşýär.

Zähmetiň gözbaşynda kitap durýar.Kitap-deňi-taýy tapylmajak hazyna, kitap-

   kämillik, kitap-uzaklara tarap uzap  gidýän şaýol. Kitap-döwürleriň çapary.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhasyň çeşmesi bolan şeýle gymmatly hazynalar bolsa kitaphanalarda jemlenýär. Kitaphanalar ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ilatyň ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýär. Şoňa görä-de biziň halkymyz bu gymmatlyklara hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir,sebäbi kitap okamagy soýýän halk özüni bagtly saýypdyr diýip nygtaýar.  

Okyjylara hyzmat ediş bölümi

Kitaphana raýatlarda okaýyş medeniýetini terbiýelemek,kitap gaznasynyň ähli görnüşi boýunça okyjylara kitap berlişini üpjün etmek,täze çapdan çykýan neşirler bilen kitap gaznasynyň üstüni ýetirmek boýunça bellenilen çäreleri durmuşa geçirmek,kitaphana,habar beriş,kitapnama we usuly işlerini bellenilen düzgünlere esaslanyp amala aşyrýar.

     Bu günki okyjylary haýsy edebiýatlar gyzyklandyrýar,nämeleri soraýarlar,haýsy ugurdan  köpräk kitap okaýarlar .  Bu soraglara  jogap bermek üçin kitaphanaçy ilki bilen okyjylaryň isleglerini öwrenmeli.Okyjylaryň isleglerini öwrenmek üçin bolsa ýerli ýagdaýy doly bilmeli.Ilatyň ýaş,hünär aýratynlygy,sebitiň haýsy ugra-,ekerançylyga,hünärmentçilige, senagat,nebit-gaz önümçiligine — niýetlenendigi hem bu meseläni öwrenmekde esasy orun tutýar.Şular esasynda okyjylar edebiýatlary saýlaýarlar,soraýarlar.Bulardan başga-da kitaphananyň haýsy sebitde ýerleşendigine seretmezden çeper edebiýatlar,taryh,geografiýa,medisina,sport,saz, matematika ylmyna degişli edebiýatlar hemişelik soralýan neşirleri,Sorag-jogap edebiýatlary,sözlükler,ensiklopediýalar hemme wagtda uly isleg bildirilip okalýan edebiýatlary okyja hödürleýär .

Syýasy- jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi

Bu bölümde Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna we ýörelgelerine eýermek bilen türkmen ýaşlary tarapyndan ata Watanymyzyň taryhy-medeni ýerleri,halkymyzyň milli mirasy,ýurdumyzyň arheologik ýadigärliklerine bolan  höwesini  has-da  artdyrmak  maksady  bilen  kitaphanalarda  geçirilýän  her  bir medeni-köpçülik  çäreleri, gürrüňler, sesli okuwlar, edebiýat  we  sorag-jogap agşamlary, mowzukly  agşamlar, söhbetdeşlik, sergileriň,  synlarynyň  üsti  bilen  täze  gelen kitaplary  giňden  wagyz edilýär we kitaphana gelen okyjylara medeniýetli hyzmat görkezýär.

Edebiýatlary toplamak we işlemek bölümi

Milli Liderimiziň kitabyň jemgyýetiň durmuşyndaky eýeleýän ornuna ýokary baha berip,halkymyzda asylly häsiýetleri terbiýeleýän pähim-payhasly sözler jemlenen kitaplary wagty-wagtynda çap edilip, durmagyň zerurdygyny belleýär.  Edebiýatlary toplamak we işlemek bölümi:Kitaphanalaryň hemişelik saklanylýan kitaphana  gaznasyna milli we ülkämize degişli edebiýatlary ýygnaýar  we saklaýar.

kitaphana gaznasynyň abatlygyny, bitewiligini, tükelligini saklaýar. Aýry-aýry, seýrek duş gelýän we gymmatly kitaplary gorap saklaýar.

Bu bölümde täze  gelen kitaplar tehnik taýdan işlenilýär,  hasaba alynýar,kitaplaryň kartoçkalary elipbiý hem-de  pudaklaýyn kataloga  ýerleşdirilýär, metbugat neşirlerine abuna ýazylyşy we olary hasaba almak,okyjylar tarapyndan köp soralýan kitaplary skaýnerlemek işleri, kitaplaryň ýazgylaryny redaktirlemek,işleri alnyp barylýar.

Markowitz & Mellencamp

A Track Record of Success in Defense Litigation

Çagalar abonementi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

  • Mähriban çagalarymyz  berkarar  we  kuwwatly  döwletimiz-  Garaşsyz  hemişelik  Bitarap  Türkmenistanyň   beýik  geljegi,  bagtyýar  durmuşymyzyň   gülleridir. Berkarar  döwletimiziň  bagtyýar  körpeleri  Türkmenistan  döwletimiziň  at-abraýyny  has-da  belende  galdyrjak  merdana  nesillerimiz,  eziz  Watanymyzyň  gül- gunçalary, beýik 

  – Çagalar  biziň  geljegimiz,  olar  ýurdumyzyň  ertirki  eýeleri.Nesillerimiziň bagtyýar  eşretli  durmuşda  ýaşamagy  dünýä  derejesinde  döwrebap bilim-terbiýe  almagy,  dünýä  garaýyşlaryny  giňelmegi,  geljekde  il  ýurta  peýdaly okde   hünärmenler,  belent  ahlakly,  halal  adamlar  bolup  ýetişmegi  döwletimiziň  baş  aladalarynyň  biridir.

 

         Dünýäniň  ähli  pähim-paýhasy,  parasady  kitaplarda  jemlenendir.Kitaby  gymmatlyk   derejesine  göterýän  pähim-parasatly  halkymyz  häzirki  wagtda –Berkarar   döwletimiziň  bagtyýarlyk  döwründe  döwrebap  bezelen, çuňňur  many-mazmuna    ýugrulan  kitaplary,  neşirleri  okamak  bagtyna  eýe  boldy.

     Hormatly  Prezidentimiziň  ýiti  paýhasyndan  kemala  gelen  her bir  eser okyja  ruhy  güýç  bagyşlaýar  sebäbi  ol  kitaplar  öz  halkynyň  hak  howandarynyň,  hakyky  alymyň  galamyna  degişlidir.

    Hormatly  Prezidentimiziň  her  kitaby  türkmençilik  edebiniň  mekdebi ,  her  jumlesi  terbiýeçilik   sapagy her  sozi  paýhas,  edep  hazynasy..Çaga bilen işlemek,çaga dünýäsine aralaşmak  olar bilen işlemek hem gyzykly hem yakymly.Bu bölümde meyilnama esasynda alnyp barylýan sorag jogap agşamlary,söhbetdeşlik,mowzukly agşamlar,ertirlikler,sport bäsleşikleri geçirmek çagalaryň kitaba bolan höwesini ene-de artdyrýar. Hormatly  çagalar! Siz  hem  kitaby   dost  tutunyp,  kitap  okamagy  hemişe  özüňize  endik  etmelidirsiňiz.Çünki  kitap  okaýan  adam  ylym-bilime  baý  bolup,  wagtyny  peýdaly  işlere  sarp  edýär,  pikir-düşunjesi  giňelýär.

 Kitap  biziň  iň ýakyn  maslahatçymyz,  dostumyzdyr