Iş tejribe maslahatlary

1.Daşoguz welaýat kitaphanasy Akdepe,Gubadag etrap merkezi kitaphanalarynda «Arkadagyň eserleri-rowaçlygyň ýörelgesi«,«Ellerimizde Bagtyýarlyk kitaby-Türkmenistan –rowaçlygyň Watany«atly welaýatyň kitaphana işgärleri bilen iş-tejribe maslahatlaryny geçirdi.Maslahatlarda etrap kitaphanalarynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň eserleri boýunça dabaraly çäreleri geçirdiler,kitaphana işini döwrebap guramak boýunça welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri usuly maslahatlary bilen çykyş etdiler, kitaphana işgärleri özara tejribe alyşdylar,kitaphanalaryň alyp barýan işleri bilen iş üstünde tanyş boldular.08.07.2019ý,09.07.2019 ý.
2.Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet baýramçylygyna bagyşlanyp, welaýat kitaphanasynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligi barada edebi-sazly agşam geçirildi. «Daşoguz habarlary« welaýat gazetinde usuly bölümiň müdiri Tirkeş Hümmiýewiň«Magtymguly-umumadamzat şahyry« atly makalasy çap edildi.20.06.2019 ý.
3.Daşoguz şäheriniň sagaldyş-dynç alyş meýdançasynda dynç alýan çagalaryň
welaýat kitaphanasyna gezelençleri guraldy.09.07.2019 ý.

2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Görogly etrap merkezi kitaphanasynda Daşoguz welaýatynyň etrap,şäher merkezi kitaphanalarynyň direktorlarynyň,hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş-tejribe maslahaty geçirildi.Maslahatyň çäginde”Kitap adamzadyň ahlak gymmatydyr”atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.Dabarada etrap kitaphanasynyň hünärmenleri adamzadyň ruhy baýlygy bolan kitabyň gadyr-gymmaty barada,Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrylan eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada okyjylara täsirli gürrüňler berdiler.Etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň,bagşylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary-da täsirli boldy. Söňra Daşoguz welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň müdiri Tirkeş Hümmiýew,şu bölümiň usulçysy Rahymberdi Magsudow dagylar çykyş edip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleriniň welaýatyň kitaphanalarynda geçiren barlaglarynyň jemleri hakynda,kitaphana işini has-da kämilleşdirmegiň usullary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

2019-njy ýylyň 20-nji awgustynda Daşoguz şäher merkezi kitaphanasynda Daşoguz welaýatynyň welaýat,etrap,şäher merkezi kitaphanalarynyň direktorlarynyň,hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş-tejribe maslahaty geçirildi.Maslahatyň çäginde”Türkmenistan rowaçlygyň Watany”atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.Dabarada şäher merkezi kitaphanasynyň hünärmenleri ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda dürli mowzuklar boýunça çykyş etdiler,Türkmenistanyň Prezidenri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinden çeper okaýyşlar,kitapnama synlary bilen çykyş etdiler.Kitaphananyň işgärleri we göreldeli okyjylary özleriniň sungata bolan ukyplaryny görkezdiler.Iş-tejribe maslahatynda Welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa,welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň müdiri T.Hümmiýew  çykyş edip, kitaphana işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň usullary,kitaphanalarda  okyjylara elektron katalogdan peýdanlamagyň düzgünlerini düşündirmek,Şanly Garaşsyzlygymyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp medeni –köpçülik çärelerini guramak barada usuly maslahatlary berdiler.