Okalga otagy

Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölümi

Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölümi kitaphanayň II-nji gatynda ýerleşen.
Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölümi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerini, kabul eden permanlaryny, kararlaryny, Daşoguz welaýatynyň taryhy wakalaryny, onuň jemgyýetçilik durmuşy, ylmy we medeni ykdysady ýaşaýyş bilen bagly, ülkämiziň medeniýeti, sungaty, ykdysadyýeti, ýerli ýazyjy – şahyrlaryň döredijilikleri, milli baýramçylyklary, şanly senelere, ülkämiziň tanymal adamlary baradaky materiallary toplaýar we olary okyjylar köpçüligine wagyz edýär. Okalga zalynda okyjylaryň ünsüni özüne çekýän kitaphanamyza gelýän täze kitaplar şanly seneler mynasybetli hemişelik we wagtlaýyn kitap sergileri gurnalan.

Bölüm adyndan belli bolşy ýaly kitaphananyň ülkesynaşlyk boýunça sorag-jogap kitapnama işini,habar beriş işini alyp barýarlar. Bölümde ondan başgada ülkäni öwreniş katalogy bar onda kitaphananyň kitap hazynasynda bar bolan ülkämize degişli edebiýatlar,gazet-žurnal makalalary ýerleşdirilendir. Olar Uniwersal Onluk Toparlamasynyň bölümleri boýunça hronologik tertip boýunça goýulýar. Bölümde kitaphana gelen her bir täze kitaplaryň habar beriş býulliteni ýazylýar we olary edara kärhanalara, mekdeplere, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine iberilýär. Ondan başga-da bölümde kitapnama synyny, edebiýatlaryň hödürleýji sanowy ýazylýar ,kartotekalar düzülýär. Ülkämizde çykýan metbugat neşirlerinden dürli temalara degişli materiallardan bukjalar döredilýär. Kitap sergileri guralýar.
Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölümi kitaphanada okyjylar tarapyndan soralýan talaplary: tematiki, faktografiki, anyklaýjy we salgylaýjy ýaly görnüşleri ýerine ýetirýär.