Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasy

manhattan

Köneürgenç etrap

Mukaddes Köneürgenç topragy adamzat medeniýetiniň irki ojaklarynyň biri bolupdyr. Gadymy Köneürgenç birnäçe ýyllaryň dowamynda ýagny XII asyrda Alaeddin Tekeşiň Hanafiler üçin gurduran, XIV asyrda Gutlug Teýmiriň ady bilen baglanyşykly “ Ak medresäniň” oňa “Şyhabiýe”,  “ Törebeg-hanymyň medresesi” hem diýilipdir. Şol agzalan medreseleriň ýanynda kitaphanalaryň işländigini taryhy maglumatlar tassyklaýar. Wezir Nyzamylmülkiň, döwlet we din işgärleri an-Nesewiniň, al-Hywakiniň, gurduran medreseleri, kitaphanalardyr-metjitleri, diňe bir gadymy Köneürgençde däl, eýsem başga ýerlerde hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr.Taryhy çeşmelere görä, Şyhabeddin al-Hywaki paýtagtyň juma metjidiniň ýanynda örän uly, ençeme müň golýazma kitaplary özünde jemleýän kitaphanany gurdurypdyr. Medreseleriň ylmy kitaphanalarynyň kitap hazynalary, okuw kitaplary we golýazmalardan ybarat bolupdyr.

Abul Apbas Mamun ( 1009-1017) öz döwründe ,onuň tagallasy bilen “Köneürgenç akademiýasy” ýagny “Paýhaslar öýi” işläpdir. Ol akademiýa gündogaryň parlak ýyldyzy ady bilen meşhur bolan ildeşimiz Abu Reýhan Biruny ýolbaşçylyk edipdir hem-de Ibn Sina, Mesihi ýaly ylym ussatlaryny töweregine toplap, ylmy gözlegler esasynda iş alyp barypdyrlar.Alymlar bu ýerde dürli ylmy çekişmeler hem-de bäsleşikler gurapdyrlar.

KÖNEÜRGENÇ ETRAP MERKEZI KITAPHANASY

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň özbaşdak binasy bolup, ol 1957-nji ýylda ulanmaga berildi. Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasy Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň G. Atabaýew köçesiniň 67-nji   jaýynda ýerleşýär.

Kitaphanada 50-orunlyk 2-sany okyjylar zaly, hem-de 50-müňe golaý kitap gaznasy bar. 4 sany kitap saklanýan otagy we 5 sany iş otagy bar. Merkezi kitaphananyň elektron maglumatlar otagynda bitewi elektron kitaphana aragatnaşyk tory arkaly birikdirilen bitewi maglumat -gözleg ulgamynda elektron katalogdan peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredilen we kitaphananyň ähli işleri kompýuter hyzmatlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Kitaphanananyň  50 müňe golaý  kitap  gaznasy bolup, olardan okyjylar peýdalanýar.

Kitaphanada” Neşirleri toplamak we işlemek” bölümi, “ Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek “ bölümi, “ Syýasy –jemgiýetçilik edebiýatlary “ bölümi, “ Usuly bölüm”,  “ Çagalar bölümçesi “ýaly bölümler kitaphana gelýän giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýärler. Etrap kitaphanada çagalar üçin gurjak teatry  hem işleýär.

”ELEKTRON MAGLUMATLAR OTAGYNDA”

Okyjylar köpçüliginiň peýdalanmagyna niýetlenilen  elektron maglumatlar ýüklenen 4 sany kompýuter toplumy bar.Türkmenistanyň Medeniýet ministliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalaryň arasynda bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi uly wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň “Biziň gülläp ösýän döwletimiz dünýä medeniýetiniň ösüşinden hiç haçan yza galmaly däldir” diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň 76 sany kitaphanasyny birleşdirýän bu elektron kitaphana ulgamy giň okyjylar köpçüligi üçin örän ähmiýetlidir. Kitaphanada  her bir işgär  özbaşdak kompýuter toplumy,  printer bilen üpjün edilip, kitaphananyň ähli işleri kompýuter hyzmatynyň üsti bilen berjaý edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň  saýasynda döwrümiz, döwletimiz, durmuşymyz ösüp-özgerip dünýä nusgalyk ýollardan barýar. Elektron kitaphana,  kitaplaryň we dürli neşirleriň audio we wideo ýazgylary, kitap ýazgysyny elektron göçürijä göçürip bermek, fotokopiýa etmek ýaly hyzmatlar bilen bir hatarda, internet ulgamyndan peýdalanyp, okyjylaryň çalt we doly maglumat almaklary üçin awtomatlaşdyrylan  usullara giň ýol açyldy.

Döwrüň geçmegi we täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, kitap okamak işi döwrebap derejede kämilleşýär. Häzir kitaplar elektron görnüşde, onlaýn tertibinde elýeterli boldy. Indi kompýuterleriň we ykjam telefonlaryň kömegi arkaly belli kitaphanalara aralaşmak hem-de zerur neşiriň sanly görnüşini almak mümkinçiligi döredi. Arkadag Prezidentimiziň  Kararyna laýyklykda, kitaphanalar maglumat-tehnologiýa mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirip, sanly resminamalaryň we maglumatlaryň köp toplanan ýerine öwrülýär. Bu ulgamyň häzirki zaman ösüş strategiýasy internetiň, web-saýtlaryň mümkinçilikleriniň elektron kitaplary peýdalanyjylara elýeterli bolmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Bu çäreleriň hemmesi kitap gaznalarynyň sanly görnüşdäki elýeterliligi ýokarlandyrmaga, seýrek we gymmatly neşirleriň saklanmagynyň ýokary derejesini üpjün etmäge milli hem-de halkara derejede kitaphanalaryň arasynda tejribe alyşmak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Kitaphanalar multimediýa giňişligine öwrülip, şol ýerde diňe bir okamak we gerek bolan maglumatyňy almak üçin däl, eýsem, gyzykly çykyşlary diňlemek, tejribe alyşmak, ussatlyk sapaklaryna we döredijilik duşuşyklaryna gatnaşmak üçin möhüm şertler döredilýär.

“ NEŞIRLERI TOPLAMAK WE IŞLEMEK “ bölüminde

Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen “ Nokat kompýuter” hojalyk kärhanasy tarapyndan gelip gowşan 2 sany kompýuter toplumynyň üsti bilen bitewi elektron kitaphana gaznasynyň katalogyny döretmek, maglumatlar gorunyň uly giňişligini  emele getirmek, ýekebara hem-de jemleýin hasabatyň takyklygyny emele getirmek we awtomatlaşdyrmak işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Bölümde “ Galkynyş “ kitap merkezi tarapyndan  gelip gowuşýan täze kitaplaryň her bir tapgyryny, kitaphanaçylyk kadalary boýunça işlemek işleri ýagny, her bir neşire  awtor belgisi , kitabyň pasporty  , katalog ýazmak,  şeýle hem möhlet kagyz, jübijik ýaly hyzmatlaryň berjaý edilişi,  kitaphana kompýuterleriniň üsti bilen ýerine ýetirilýär.   Okyjylaryň hünäri boýunça bilimini, ylymda we bilimde ýüze çykan täzelikleri olaryň iş tejribesine ornaşdyrmak maksady bilen täze gelen neşirleriň bilim pudaklary boýunça sanawy düzülýär. ,                            Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň bölümleriniň we oba kitaphana şahamçalarynyň kitap gaznalarynyň sanawy, kitaphana hazynasynyň jemleýin hasabatlary yzygiderli dogry we doly kitaphana düzgünlerine laýyklykda alynyp barylýar. Etrap merkezi kitaphanasy we geňeşliklerdäki oba kitaphana  şahamçalary üçin ýurdumyzda çap edilýän  gazet-žurnallara abuna ýazylýar.

NEŞIRLERI SAKLAMAK WE OKYJYLARA HYZMAT ETMEK BÖLÜMINIŇ “

kitap beriş abonomentinde döredilen özüne çekiji hem-de örän täsirli kitap sergiler, çeper-bezeg taýdan biri-birini gaýtalamaýar.   Olar her bir okyjynyň kalbynda okamak, öwrenmek, bilmek höwesini artdyrýar. Türkmen halkynyň şan-şöhratdan doly şu gününe bolan egsilmez buýsanjyň baý mazmunyny özünde jemleýän  , Hormatly Prezidentimiziň  eserleri, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň,  şanly  ödüşleriniň beýik waspnamasydyr.Şoňa görä-de, köňüllere nur paýlaýan, ykballara döwran dolaýan,  Hormatly Prezidentimiziň kitaplary esasynda döredilen kitap sergiler, diwarlyklar her bir okyjynyň ünsüni dessine özüne çekýär.

Bölümiň milli elipbiýdäki kitaplary özünde jemleýän iş otagyndaky , kitap tekjelerinde ýerleşdirilen kitaplar bilim pudaklary hem-de elipbiý tertibinde öz beýanyny tapýar. Merkezi kitaphanada   döredilen  „ MILLI MIRAS „  gurnagynyň  agzalarynyň kömegi bilen  öňki ýyllaryň  döwürleýin neşirlerinde  çap edilen miili , medeni, edebi, taryhy mirasymyza degişli derwaýys makalalar , rowaýatlar şonuň ýaly-da senetçilik, zergärçilik, nakgaşçylyk, neçjarçylyk, demir ussaçylyk  ýaly , bulardan başga-da  halk döredijiligine, medeneýete  we sungata, kitaphana işine degişli gymmatly maglumatlar bir ýere toplandy. Netijede, olary   skanerden geçirip , toplanan maglumatlaryň   elektron görnüşini taýarlamak işlerine kitaphana hünärmenlerine ýakyndan ýardam bermekde öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Toplanan baý maglumatlar gory kitaphana  işgärleriniň soralýan maglumatlary öz wagtynda tapyp, okyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmakdaky ähmiýeti gaty uly.

Bilşimiz ýaly kitaphanalaryň esasy baýlygy onuň kitap gymmatlyklaryndan ybarat bolup durýar.  Kitap beriş abonementiniň kitap saklanýan otagynda  kiril hatyna degişli türkmen, rus, başga dillere degişli  kitaplar saklanýar. Daşary ýurt edebiýatlary degişli döwletler, ýurtlar boýunça ýerleşdirilen.

“ SYÝASY JEMGYÝETÇILIK EDEBIÝATLARY”

bölüminde döredilen  kitap sergiler, diwarlyklar göreniň gözüni dokundyryp, kalbyny galkyndyryp okyjylaryň ünsüni dessine özüne çekýär. Kitaplary wagyz etmekde, Köneürgenç etrap merkezi  kitaphanasynyň ýanynda döredilen , ÇAGALAR GURJAK TEÝATRY tarapyndan sahnalaşdyrylan gurjak oýunlaryndan, SD, DWD-i disklere ýüklenen  şekilli teswirlerden, paýhas synag bäsleşiklerinden, edebi prezentasiýalardan ,  halk döredijiliklerinden ýerlikli peýdalanylýar.  Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň hut özüniň , şeýle hem ussat artistleriň ses ýazgylary  esasynda  ýerine ýetirilýän çeper okaýyşlar, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Kitap we kitaphana işi hakynda gazet — žurnallarda, teleýaýlymlarda yzygiderli çykyşlar edilýär.

  1. “Biziň döwletimiz bagtly çagalygyň ýurdudyr.Ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ülkesidir”diýip, Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly , her bir zehinli ogul-gyz halkyň iň esasy baýlygydyr. Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň “ Çagalar bölümçesiniň “ kitap gaznasynyň agramly bölegini çagalar edebiýaty eýeleýär. “ Biz haýsy ertekiden?”, “ Kim bilmişek?”, “ Bulary bilmek gyzykly” ýaly kitap sergilerde ýerleşdirilen ,türkmen halk ertekileri, rowaýatlar, nusgawy şahyrlarymyzyň kitaplary, täze gelen neşirler ýaş nesiller tarapyndan söýülip okalýar. Bölüm tarapyndan geçirilýän kitaphana çäreleriniň arasynda “ Paýhas synagy”, “ Zehin bäsleşigi” ýaly bäsleşiklere , “ Beýni hüjümi”, Oka, oýlan, pikirlen!”  ýaly sowal-jogap sahypalaryna   okyjylar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Kitaphana işgärleri tarapyndan okyjylara goýulýan hormat – sarpa  gaty uly. Kitaby köp okaýan okyjylara, kitapsöýüjilere hormat hatlar, kitap sowgatlary gowşurylýar.  Ýörite döredilen diwarlykda , kitaby iň köp okaýan okyjylaryň suratlary ýerleşdirilýär.

Könergenç etrap merkezi kitaphanasyň şahamçalary

Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň Akgala geňeşligindäki kitaphana şahamçasy

Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç etrabynyň Akgala geňeşliginiň Gyzylýer obasynyň O. Atajanow adyndaky köçesiniň 28-nji jaýynda,  Aklgala geňeşligindäki oba medeniýet oýüniň binasynda ýerleşýär.

Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň Abadan geňeşligindäki kitaphana şahamçasy

Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç etrabynyň, Abadan geňeşliginiň Bereket obasynyň Gurbansoltan eje  adyndaky köçesiniň 60-njy jaýynda, oba medeniýet öýüniň binasynda ýerleşýär. Şahamçanyň 5-orunlyk 1-sany okyjylar zaly, 2- sany kitap saklanýan otagy, 1-sany arhiw otagy bar.

Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň Maslahat geňeşligindäki kitaphana şahamçasy

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň  Maslahat geňeşliginiň  Maslahat  obasynyň  Mollanepes köçesiniň №14-nji jaýynda,  Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň  Maslahat geňeşligindäki  Baýar  Baýramow adyndaky oba medeniýet öýüniň binasynda ýerleşýär. Şahamçanyň 20- orunlyk 1- sany okyjylar zaly hem-de 1- sany kitap saklanýan otagy  bar.

Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň Hakykat geňeşligindäki kitaphana şahamçasy

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň  Gurbansoltan eje köçesiniň 38-nji jaýynda, Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň Hakykat geňeşligindäki  oba medeniýet öýüniň binasynda ýerleşýär. Kitaphana şahamçasynyň 10- orunlyk 1- sany okyjylar zaly hem-de 1- sany kitap saklanýan otagy bar.

Kitaphana hepdäniň ähli iş günlerinde  ir sagat  09:00-da -dan 18:00 -a çenli arakasmesiz işleýär.Ýekşenebe günleriniň iş wagty   09:00-dan 14:00 — a çenli.