Internet otagy

Internet otagy

Mähriban Arkadagymyzyň bimöçber sahawaty bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda kitaphanalaryň döwrebap binalary gurlup ulanylmaga berildi. Olarda ilatymyzyň kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagy üçin giň mümkinçilikler, kitaphanalaryň işini döwrebap guramak boýunça ähli zerur şertler döredilýär. Şol binalaryň biri hem Daşoguz welaýat kitaphanasy.Welaýat kitaphanasynyň internet otagy 2014-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-den bäri okyjylara hyzmat edýär. Internet otagynyň esasy maksady okyjylaryň isleglerine laýyklykda elektron görnüşli kitaplary saýlap tapyp bermeklikden ybarat bolup durýar. 2015-nji ýylyň mart aýynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli kitaphanalarynda elektron ulgamyny ornaşdyrmak barada karara gol çekdi.Şol karara laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi we işe girizildi. Häzirki wagtda welaýat kitaphanasynyň kitaphana ara abonementi kitaphana gaznasynyň bitewiligini – abatlygyny üpjün etmek we okyjylara elýeterligini guramak maksady bilen könelşen,aýratyn gymmatly, şol sanda seýrek hem-de has köp ulanylýan birlikleriň elektron nusgalaryny göçürýär we kitaphananyň okyjylaryna hödürleýär. Häzirki döwürde kitaphana gelen okyjylar kompýuter arkaly elektron katalogy açyp, kitaplaryň elektron nusgalaryndan peýdalanyp bilýärler.