Kitaplar

Türkmenistanyň Prezidenti

 Gurbanguly Berdimuhamedow: Biziň bilime, ylma aýratyn hormat goýýan halkymyz bar. Türkmenler Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr.

Daşoguz welaýat kitaphanasynda häzirki döwre çenli 179014 kitap gaznasy bar.Kitaphananyň kitap gaznasynda türkmen,iňlis,rus,özbek we beýleki dillerde çap edilen kitaplaryň bolmagy,okyjylaryň kitaba bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.Kitaphananyň 2-nji gatynda ýerleşýän kitaplaryň elipbiý,pudaklaýyn katalagy,elipbiý-predmet görkezijisi okyjylara isleg bildirýän kitaplaryny tapmaga kömek edýär.Katalogyň ýanynda ondan peýdalanmagyň düzgünnamalary görnükli ýerde ýazylyp goýlandyr.Okyjylar bu ýerde kitap saýlamakda kynçylyk çeken wagtynda kitaphananyň hünärmenleri olara öz maslahatlaryny berýärler.

Kitaphananyň neşirleri toplamak we işlemek bölüminde täze gelen kitaplary ýanýazgylar esasynda kabul edilýär,soňra şäher we etrap kiatphanalaryna kitaphana sanyna görä paýlanylýar.
Bölüme kabul edilen kitaplar doly gaýtadan işlenilip kitaphananyň bölümlerine gowşurylýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolan medeniýeti rowaçlandyrmak,aň-bilimi has-da ösdürmek,kitaphanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak,döwlet býujetiniň basabyna maliýeleşdirilýän kitaphanalaryň kitap gaznalarynyň üstüniň kitaplar we beýleki neşir önümleri bilen yzygiderli ýetirilip durmagyny üpjün etmek makdasy bilen Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2008 –nji ýylyň 23-nji iýunda “ Galkynyş” kitap merkezini açmak barada karar kabul etdi.

Bu bolsa kitaphanalaryň kitap gaznasynyň has-da baýlaşmagyna kitaplar bilen doly üpjun edilmegine giň ýol açdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek,Garaşsyz döwletimizde kitaphana işini hazirki zaman şertlerinde guramak,raýatlara edilýän kitaphana hyzmatyny has-da kämilleşdirmek we ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly,bilimli bolmaklary üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015- nji ýylyň mart aýynyň 27-de “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmegiň meseleleri hakynda” karar kabul etdi.

Bitewi elektron katalogy – aragatnaşyk tory arkaly birikdirilen kitaphanalaryň awtomatlaşdyrylan bitewi maglumat gözleg ulgamydyr.
2016 –njy yýlyň iýul aýyndan başlap kitaphanalarda kitaplary elektron ulgamyna geçirmeklik işi ýola goýuldy.
Häzirki wagtda welaýat kitaphanasynyň neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň işgärleri kitaplary elektron ulgamyna ýüklemek boýunça degişli işleri geçirýärler. Elektron katalogynyň döredilmegi okyjylara isleg bildirýän kitaplaryny çalt tapmaga mümkinçilik döredýär,kitaphanaçylaryň işini has-da ýeňilleşdirýär.Şeýle-de okyjylar köpçüligi döwürleýin metbugatda çap edilýän makalalary elektron katalogyň üsti bilen tapyp bilýärler.