Kitaphananyň bölümleri

- Syýasy- jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi

Bu bölümde   50 orunlyk  okalga otagy bolup,  okyjylara  hyzmat  edýän abonement bar.Kitaphananyň eýwanynda mähriban Arkadagymyzyň eserlerini wasp edýän kitap sergileri gurnalan.  Okalga eýwanynda ýylyň ady bilen kitaphana gelýän ýaş okyjylar bilen medeni- köpçülik  çäreleri  ýygy-ýygydan geçirilip durulýar.

Hyzmat etmek bölümi

Bu bölümde uly ýaşly okyjylara hem-de kiçi  ýaşly okyjylara   hyzmat edýän abonement bar.   Uly ýaşly bölümine gelýän okyjylara tölegli hyzmatlar ýola goýulan.Bu bölümde mähriban Arkadagymyzyň eserlerinden,görnükli ýazyjy şahyrlarymyzyň eserlerinden okyjylar maslahatlary,edebiýat agşamlary ýygy-ýygydan gurnalyp durulýar. Uly ýaşly çagalar bölümi talyp ýaşlar,mekdep okuwçylarynyň uly toparlary bilen kitaphana hyzmatynyň ähli görnüşlerini alyp barýar.

Kiçi ýaşly çagalar  bölüminde edebiýatlar çagalaryň ýaş toparlaryna bölünip ýerleşdirilendir. Kiçi  ýaşly bölümiň kitaphanaçysy  mekdebe çenli çagalar baglary hem-de kiçi ýaşly mekdep okuwçylary,dynç-alyş merkezleri bilen kitaphana hyzmatyny  giňden gurnap,okyjy çekmegiň täzeçe usulyny durmuşa ornaşdyrýar. Bu bölüme  gelýän çagalaryň ünsüni çekmeklik maksady bilen çagalar ýazjylarynyň eserleri,türkmen halk ertekileri ady bilen ýörite kitap sergileriniň dürli görnüşleri gurnalandyr.   

Neşirleri saklamak bölümi

Bu bölümde talapnama  esasynda okyjylara hyzmat edilýär.Kitaplary skaýner etmek  

 işleri,neşirleri elektron görnüşe geçirmek işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda kitap gaznasynyň 26338-i elektron kataloga ýüklenendir.Bu iş şu günki günde gyzgalaňly dowam edýär.

Neşirleri toplamak we işlemek bölümi

Bu bölümde ,,Galkynyş” kitap merkezinden gelýän kitaplary kitaphana düzgüni esasynda işlenilip kitaphananyň bölümlerine paýlanyp berilýär. Kitapnamaçy kitaphanada gurnalýan   we geçirilýän medeni-köpçülik çärelerinde kitap sergilerini gurnap kitapnama synlaryny geçirýär.

Usuly bölümi

Bu bölüm  esasan hem usuly gollanmalary taýýarlaýar we olary rejeleýär.   Şäher,etrap kitaphanalarynyň çagalar bölümlerine , usuly kömekler berýär. Kitap gaznasynyň aýawly saklanyşyna  gşzegçilik edýär. Kitaphananyň aýlyk hem-de ýyllyk meýilnamalaryny, hasabatlaryny ýazýar. Okyjylar tarapyndan köp soralýan az nusgaly kitaplary skaýner edýär. Döwürleýin neşirlerde çap edilen maglumatlary mini programma ýükleýär. Bölümleriň  ýylyň dowamyndaky esasy iş netijeleriniň  derňewini seljerýär. Kitaphanada geçirilýän köpçülik işlerine  gatnaşýar.  -Kitaphanada elektron kitaplaryň ençemesi  bar.Ondan okyjylar köpçüligi giňden peýdalanýar.Kitaphanada ýurdymyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň ählisi diýen ýaly bar.     Kitaphanamyza hoş geldiňiz!

Kitaphananyň salgysy: Daşoguz şäher S.Türkmenbaşy şaýolynyň 48/1 jaýy. 4-gatly ýaşaýyş jaý toplumynyň 1-nji gatynda ýerleşýär. Telefon: 9-41-03