Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap merkezi kitaphanasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

— Kitaphana halkymyzyň  ruhyny has-da belende götermäge täze sowatly nesiliň kemala gelmegine we   kämilleşmegine, gönüden – göni degişlidir.

 — Biziň bilime, ylma aýratyn hormat goýýan halkymyz bar. Türkmenler  Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary  gymmatlyk mukaddeslik salypdyr.

— Kitaphana halkymyzyň ruhyny has-da belende götermäge täze sowatly nesiliň  kemala gelmegine we  kämilleşmegine tutanýerli, gönüden – göni degişlidir.

 — Çuň many – mazmunly, ýokary çeperçilikli kitaplar hiç wagt öz gady–gymmatyny ýitirmeýär, okyjy   hemişe  şeýle eserlere garaşýar.

— Döredilýän eserler durmuşdan üzňe  däl-de çuň mazmunly ýokary çeperçilikli, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny we durmuş hakykatyny beýan edýän eserler  bolmaly.

— Meniň gyzyklanmalarym ylmy  barlaglar, edebi döredijilik, sport bilen   

   meşgullanmak, kitap okamak bilen baglanyşyklydyr.

— Kitap adamzadyň köňül nagşydyr ol medeni gymmatlyk, hökmünde ruhy baýlyga  

  öwrülip, adamlaryň  ýüreklerine ýol salyp bilýän, ýokary çeperçilikli we hakyky  

  sungat eserleri umuman damzat baýlygyna  öwrülýär.      

 —  Ähli bilimiň – ylmyň jemlenen ýeri kitaphanadyr.

Gubadag etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň taryhy

Biziň Gubadag etrabymyzda 1938-nji ýyldan bäri okalga otagy işläp gelipdir, şol döwürde okalganyň 300- e golaý kitap hazynasy bolupdyr.

1963-nji ýylda Gubadag etrabymyz häzirki Boldumsaz etrabyna birikdirilýär, şol döwürde etrabymyzdaky  okalgamyz şahamça bolup öz işini dowam etdirýär.  1975-nji ýylyň noýabr aýynda Gubadag etrabymyz täzeden dikeldilýär.

1978-nji ýylda etrabymyzyň kitaphanasy Merkezleşmä geçýär, etrabymyzyň obalarynda şol wagtda 48-sany   merkezi kitaphananyň şahamçalar oba ýerlerde işläpdir. Wagtyň geçmegi bilen oba ýerlerinde kitaphananyň şahamçasy 48-e ýetirilýär.

1994-nji ýylda etrap häkimligimiz merkezi kitaphanamyza täze jaý gurup berdi. Merkezi kitaphanamyzyň gurluşy döwrebap 1996-njy ýylyň Awgust aýynda merkezi kitaphanamyzyň şahamçalary oba mekdeplerine  birikdirilip,oba ilatyna kitaphana hyzmatyny guramak (etmek)oba mekdepleriniň paýyna düşdi.Etrap we oba mekdeplerine usuly kömek bermek merkezi kitaphananyň usulýet we kitapnama bölümine tabşyryldy.

2010-njy ýylda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy esasynda Gubadag etrabynda 3-sany oba kitaphana şahamçasy açyldy.

  Häzirki wagtda Merkezi kitaphana etrabyň  ilatyna  hyzmat etmek bilen bir hatarda mekdep kitaphanalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Kitaphanada Hormatly Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren kitaplaryndan  geçmişde türkmen halkyna yz galdyran ýazyjy, şahyrlarymyzyň eserlerinden , metbugat eserlerinden, gündeki çap  edilýän täzeliklerden birnäçe medeni – köpçülik çäreleriň üsti bilen geçirilýär.

Gubadag etrabynyň merkezi kitaphanasy baradada maglumat

Gubadag etrap merkezi kitaphanasy 1938-nji ýyldan okalga otagy bolup

   işleýär, şol döwürde okalganyň 300-e golaý kitap gaznasy bolupdyr.  Kitaphana

   Gubadag etrabynynyň Gubadag şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 38-nji jaýynda ýerleşýär.

Kitaphanana özbaşdak binada ýerleşen.

Kitaphanada häzirki wagtda 52187-sany kitap gaznasy bar.  2010-njy ýylda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  taýsyz tagallasy esasynda kitaphanalaryň setini giňeltmek maksady bilen oba  ýerlerinde  kitaphana hyzmatyny guramak  üçin Gubadag etrabynda  3-sany,   Bereketli geňeşligindäki Täze gala obasynyň Türkmenistan köçesiň 26-njy jaý-  ynyň oba medeniýet öýünde ýerleşen, Abadanlyk geňeşligindäki Abadanlyk   obasynyň Gubadag köçesiniň 7-nji jaýynda oba medeniýet öýüniň binasynda   ýerleşen,  Bitarap Türkmenistan geňeşligindäki Igdirli obasynyň  Türkmenistan   köçesiniň 27-nji jaýynda oba medeniýet öýünde kitaphana şahamçalary açyldy.                                                                                     

   Oba şahamçalary açylan wagtynda bilimleriň dürli pudaklaryndan 1000-sany kitap gaznasy bilen açylyp häzirki wagtda her bir şahamçada 3712-sany kitap gaznasy bolup, Merkezi kitaphana etrabyň  ilatyna  hyzmat etmek bilen bir hatarda mekdep kitaphanalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. Kitaphanada Hormatly  Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren kitaplaryndan geçmişde türkmen halkyna yz galdyran ýazyjy, şahyrlarymyzyň eserlerinden, gündeki çykýan gazet-žurnallardan, ýurdumyzda bellenilip geçilýän şanly senelerden okyjylaryň arasynda medeni — köpçülik çäreleriň yzygiderli geçirilýär. Kitaphananyň okalga otagy 40 oruna niýetlenen.

Kitaphananyň Salgysy:

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Gubadag  şäherçesiniň Garaşsyzlyk köçesiniň 38-nji jaýy

Telefon belgisi: 

      3-16-99.  3-17-19 

Kitaphana işleýär: 9-dan 

                                 18- e çenli.