Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap merkezi kitaphanasy

Görogly etrap  merkezi kitaphanasy Görogly şäheriniň Annagylyç Ataýew köçesiniň 105/2 –jaýynda ýerleşip, 1934-nji ýylda döredilen. 2013-nji ýylda düýpli abatlaýyş işleri geçirilen. Kitaphananyň işgärleri hyzmat edýär.

     Kitaphanada 3-bölüm, 1-sany bölümçe we 4-sany şahamça okyjylar köpçüligine hyzmat edýär.

1.Neşirleri toplamak we işlemek bölümi.

2.Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölümi.

3.Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi.

4.Çagalar bölümçesi.

       Kitaphananyň 2019-njy ýylyň Iýul aýy ýagdaýynda kitap gaznasynyň jemi 67034 kitapdan ybarat bolup, türkmen dilinde-40126 sany neşir, milli elipbiýde-11393 sany neşir. Merkezi kitaphananyň   4 sany şahamçasy bolup olaryň jemi  kitap gaznasy- 23476 nusga, , berlen neşir-16348 nusga.

  1.Merkezi kitaphanada gazna-43558 ,berlen neşir-48816.

  2.B.Öwezow adyndaky geňeşligiň kitaphana şahamçasy Ç.Arazgylyjow obasynyň S.Babaýew adyndaky köçesiniň 34-nji jaýynda ýerleşip: onda gazna-5869.

  3.Türkmenýoly geňeşligindäki kitaphana şähämçasy Çaňlyýap obasynyň Azatlyk köçesiniň 27-nji jaýynda ýerleşip onda: gazna-5869.

  4.Magtymguly geňeşligindäki kitaphana şähämçasy Agoý obasynyň Zaman  köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşip onda: gazna-5869.

  5.H.Myradow geňeşligindäki kitaphana şähämçasy Buzgömen obasynyň Watan köçesiniň 9-nji jaýynda ýerleşip onda:  gazna-5869.

Neşirleri toplamak we işlemek bölümi

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap merkezi kitaphanasynyň Neşirleri toplamak we işlemek bölümi kitaphananynyň kitap gaznasyny gurnamaga edebiýatlary kitaphana düzgünleri esasynda işlemäge, rejelemäge, dikeltmäge we kataloglary şol sanda elektron katalog ulgamyny gurnamaga gatnaşýar, kitap gaznasyny hasaba almak we saklamak işini alyp barýar. Kitaphanada pudaklaýyn we elipbiý katalog bolup olar täze gelen neşirleriň katoçkolary kompýuterde ýazylyp üsti ýetirilip durulýar. Neşirleri toplamak we işlemek bölümi Türkmenistanyň Galkynyş kitap merkezinden we Döwlet kitaphanasyndan gelýän kitaplary kabul etmek, kitaplary pudaklar we dilleri boýunça ýerleşdirmek, ähli kitaplara möhür basmak, tükelleýiş (nomer) goýmak, zaýalanan,ýyrtylan kitaplary hasapdan aýyrmak, kartoçkalaryny katalogdan aýyrmak, katalogyň pasportyny düzmekden ybarat.

Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölümi

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap merkezi kitaphanasynyň Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölüminiň okalga zaly  40 orunlyk bolup, okyjylara bitewi elektron katalogdan doly peýdalanmak üçin mümkinçilik döredilen. Kitaphana gelýän okyjylara sorag jogap hazynasyndan, ensiklopediýalardan, sözlüklerden we düşündirişlerden peýdalanyp okyjylaryň islegleri çalt öwrenilip hyzmat edilýär.            

         Bölümiň obanamentinde okyjynyň sargytlary esasynda şeýle hem gyzyklanmalary seljerilip gol asty gaznadan we hazynadan   okyjylara kitap bermegi we yzyna kabul etmegi alnyp barylýar .

     Şonuň ýalyda okalga zalynda okyjylaryň  ýaş aýratynlary öwrenilip, hünär derejesi göz öňünde tutmak  bilen okyjynyň döwürleýin neşir önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylýar.  Okalga zalynda  dürli mowzuklara degişli sergiler guralyp,okyjylar maslahatlary, mowzuklaýyn agşamlar,duşuşyklar,gürrüňler geçirilip durulýar, Berkarar döeletimiziň Bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän birnäçe medeni- köpçülik çäreleri geçirilýär.

Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi

,,Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyz medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Mähriban Arkadagymyzy medeni ulgamyň möhüm pudagy bolan kitaphanaçylyk işi ösdürmegi hem üns merkezinde saklaýar. Onuň parasatly başarjaň ýolbaşçylygy astynda ýurdumyz ösýär, özgerýär. Alnyp barylýan özgertmeleriň hemmesi türkmen halkynyň durmuşyny, maddy hal ýagdaýyny gowlandyrmaga gönükdirilendir. Kitaplary işşeňrir wagyz etmekligi alyp barmak, okyjylaryň kitap okaýşyna ýolbaşçylyk etmek we olara kitap saýlamakda kömek  etmek kitaphana gullukçylary, hünärmenleri, talyplary, okuwçylary, işçileri çekmek göçme kitaphanalary guramak . Okyjylaryň düzümini yzygiderli öwrenmekde olaryň isleglerini kanagatlandyrmak habar beriş serişdelerini (metbugat, radio, telewideniýe) kitaplary wagyz etmekde ulanmak. Kitap hazynasyny aýawly saklamak.

       Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap merkezi kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň işlerini döwrebap guramak, Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan ýazylan her bir kitaplaryny, her bir çykarýan karardyr-permanlaryny, içerki we daşarky syýasatlaryny giň okyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat.

Çagalar bölümçesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä edebiýatynyň eserleri bilen türkmen dilinde tanyşmaga doly mümkinçilik döredi.    Çagalar bölümçesinde jemi 6491 sany kitap hazynasy bolup: kitaplar elipbiý we pudak boýunça ýerleşdirlen. Bu bölümçe 1-4-nji synp okuwçylaryna hyzmat edýär.

Kitaphana gelýän çagalar Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan ýazylan her bir kitaplaryny, Mark Tweniň ,,Tom Soýer we Geklberri Finiň başdan geçirenleri”, Şarl Perronyň ,,Ädikli pişik”,, Zoluşka” ýaly dünýä belli eserleri türkmen dilinde çagalara hödürlenilýär. Çagalar bölüminde okyjylaryň işjeňligini artdyrmak hem-de berkitmek üçin oýunlar käbir hünärleriň esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik alýarlar. Tomusky dynç alşyň dowam edýän günlerinde bagtyýar nesillere kitaphanamyzdan peýdalanyp bilmek mümkinçiligini hem döredýäris. Bu bölümde täze okuw ýylyna-da ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Köp kitap okap, sapaklaryny gowy özleşdirýän, bilimden ýüki ýetik ýaş nesiller bagtyýar geljegimizi hasyl edýärler.