Geçirilen iş tejribeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň  taýsyz tagallary bilen merkezi kitaphanalar bitewi elektron ulgamy bilen üpjin edildi. Onda okyjylarymyza çalt hem göwnejaý hyzmat edilýär. Elektron ulgamynyň üsti bilen biz gündelik neşirlerimizi hem aradan esli wagt geçen soň hem okyjylarymyza ýetirip bilýäris.

    Suratda S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynda kitap gaznalaryndan birbada birnäçe kitabyň gysga wagytda okyjylara tapyp bermek, hem-de elektron nusgalary bilen tanyşdyrýan pursatlary.

Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi,gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has belende galdy. Gahryman Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly täze kitaby halkymyzyň watançylygynyň,ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornuny açyp görkezýär

Kitapda adamyň tebigat bilen bitewüligi, sagdynlyk, ruhubelentlik we döredijilikli ýaşamak bilen bagly esaslary açylýar. Bu bolsa halkymyzyň taryhyna we medeniýetine çüňňur düşünmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby  giň okyylar köpçüligine niýetlenip, adamzat medeniýetiniň ösüşini öwrenmekde gollanma bolar.

     Suratda hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyny okyjylara tanyşdyryş pursatlary.