Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň merkezi şäher kitaphanasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow: ,,Güýçli döwletde ylym esasy orun eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris. Köneürgenç şäheriniň merkezi şäher kitaphanasy 2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndan açyldy, ol Köneürgenç şäheriniň ýalkym köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýär. Köneürgenç şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň 1-sany şahamçasy bolup Türgüt Ozal köçesiniň 1-nji jaýynda Köneürgenç şäher bilim bölüminiň 8-nji orta mekdebiniň bir otagynda ýerleşýär. Kitaphanada 30-sany orunlyk 1-sany okyjylar zaly,1-sany elektron maglumatlar otagy, 3 - sany hyzmat ediş otagy, 3 - sany iş otagy bar. Merkezi kitaphananyň elektron maglumatlar otagynda bitewi elektron kitaphana aragatnaşyk tory arkaly berkidilen bitewi maglumat –gözleg ulgamynda elektron katalokdan peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredilen we kitaphananyň ähli işleri kompýuter hyzmatlary üsti bilen amala aşyrylýar. Kitaphananyň 17012 nusgadan ybarat kitaphana gaznasy bolup olardan okyjylar peýdalanýar.

Kitaphanada ,,Neşirleri toplamak we işlemek”, ,,Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölümi”, ,,Syýasy jemgiýetçilik edebiýatlary bölümi”, ,,Usuly bölümi” ýaly bölümler kitaphana gelen okyjylar köpçüligine hyzmat edýärler. Şäher kitaphanada okyjylar köpçüligine peýdalanmaga niýetlenen elektron maglumatlar ýüklenen  kompýuter toplumy bar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen elektron kitaplary peýdalanyjylara uly mumkinçilikler döredilen. Kitap gaznalarynyň sanly görnüşdäki elýeterligi ýokarlandyrmaga, seýrek we gymmatly neşirleriň saklanylmagynyň ýokary derejesini üpjün etmäge  milli hem-de halkara derejede kitaphanalaryň arasynda tejribe almaşmak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir.