Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap merkezi kitaphanasy

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap merkezi kitaphanasy

1938-nji ýylda açylan.

Kitaphanada 3(üç) bölüm 1(bir) bölümçe  okyjylara hyzmat edýär.

1.Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölümi.

2.Neşirleri toplamak we saklamak bölümi.

3.Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz ediş bölümi.

4.Çagalar edebiýaty bölümçesi  gelen okyjylara hyzmat edýärler.

Kitaphananyň okalga zaly bir bada 40-e çenli okyjylary kabul etmek üçin niýetlenen.

Kitaphananyň jemi 3 (üç) sany şahamçasy bolup.

1.Agzybirlik geňeşlindäki kitaphana şahamçasy R.Ataýew obasynyň B.Kerbabaýew köçesiniň 3-nji jaýynda ýerleşýär.

2.N.Andalyp adyndaky geňeşligindäki kitaphana şahamçasy Ý.Reýimow köçesiniň 14-nji jaýynda ýerleşýär.

3.S.Çerkezow adyndaky geňeşligindäki kitaphana şahamçasy Magaryf obasynyň Türkmenbaşy köçesiniň 12-nji jaýynda ýerleşýär.

Etrap merkezi kitaphanasynyň jemi kitap gaznasy 60426 nusga bar. Elektron kataloga salnan kitaplar jemi sany 31949.

      Kitaphananyň nusga göçürüji enjamyndan peýdalanyp bolýar.Kitaphananyň kompýuter enjamyndan  peýdalanyp bolýar. Maglumatlaryň elektron nusgasyny taýýarlap bermek. Skanerden geçirip elektron göterijilere geçirip bermek.Taýýarlanan islendik maglumatlary elektron göterijilere geçirip bermek. Edebiýatlaryň annotirlenen sanawyny taýýarlap alyp bolýar.

Kitaphanada kompýuter elektron ulgama birikdirilen.Kitaphanada  2012-nji ýyldan bäri gazetler, 2003-nji ýyldan bäri žurnallar saklanylýar.Häzirki wagtda kitaphanada  Türkmenistan, Neýtralny Türkmenistan, Watan ,Nesil,Galkynyş,  Adalat,Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary,Aşgabat,Daşoguz habarlary,Esger,Türkmen dünýäsi,Zaman,Rysgal,Türkmen dili,Türkmeniň ýüpek ýoly,Edebiýat sungat,Türkmen sporty,Mugallymlar gazeti,Habarlar,Biznes reklama ýaly gazetler, Wozroždeniýe,Diýar,Zenan kalby,Güneş,Saglyk,  Garagum,Türkmenistanyň mejlisiniň maglumatlary,

     Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary,Ylym we tehnika,Syýahat,Täze oba,  Bilim,Medeniýet,Hepdäniň wakalary,Türkmenistanyň Lukmançylygy,Dünýä edebiýaty,Bedenterbiýe we sport,Milli goşun,Türkmenistanyň daşary syýasaty ýaly žurnallar kitaphanada hasaba alynýar.Kitaphanada öýjükli telefona birikdirilen  3 sany  elektron poçta  hyzmaty ýola goýulan.

Biziň salgymyz

Gurbansoltan eje adyndaky şäheriniň Zaman köçesiniň 26-njy jaýy.

Iş wagty

9:00 dan  18:00 çenli .Şenbe we ýekşenbe günleri 09:00 dan 13:00 çenli işleýär. Tel:+993  343   31-3-18