Daşoguz welaýat S. Türkmenbaşy etrabynyň merkezi kitaphanasy

Daşoguz   welaýatynyň  Saparmyrat  Türkmenbaşy etrabynyň  etrap  merkezi  kitaphanasy  Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäheriniň Gurbansoltan  eje  köçesiniň  2-nji  jaýynda, etrabyň çagalar sungat mekdebiniň binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýär. Kitaphana  1975-nji  ýylda  açylýar. Kitaphananyň neşirleri toplamak we işlemek bölümi, neşirleri saklamak we hyzmat ediş bölümi, syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi we çagalar bölümçesi okyjylara hyzmat edýär. Kitaphananyň okalga otagy 40 okyja niýetlenen. Kitaphananyň umumy kitap gaznasy 56829 kitap bolup, ondan okyjylar peýdalanýar. Kitaphanada bitewi elektron kitaphana ulgamy işleýär bu okyjylarymyza döwrebap hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwre çenli 15 müňe golaýy bilimleriň dürli pudaklaryna degişli kitaplar elektron katalogyna ýüklenildi. Etrap merkezi kitaphanasy we geňeşliklerdäki kitaphana şahamçalary ýurdymyzda çap edilýän gazetleriň 9 görnüşini,žurnallaryň 10 görnüşini alýar.

Kitaphananyň okalga otagy

Kitap gaznasy

Etrap merkezi kitaphanasynyň M. Hojamämedow adyndaky, Parahat, A. Kakabaýew adyndaky, N. Gylyjow adyndaky geňeşliklerinde kitaphana şahamçalary oba ilatyna hyzmat edýär. Kitaphanada Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryndan, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna seslenip, dürli mazmunly medeni çäreleri yzygiderli geçirilýär. Etrap merkezi kitaphanasynyň Goşahowly, Gurbansoltan eje geňeşliklerindäki şahamçalary täze gurulan oba medeniýet öýleriniň binalaryna göçürildi. Täze bina göçürilen kitaphana şahamçalary häzirki zaman mebelleri, kitap tekjeleri bilen üpjün edildi.

Salgysy:  Daşoguz welaýatynyň     Saparmyrat Türkmenbaşy  etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäheriniň Gurbansolta eje köçesiniň  2-nji jaýy

Telefon belgisi: 8-00349-3-03-39 3-13-79

Işleýär:       9-dan  18-e  çenli Ýekşenbe    9-dan  14-e  çenli