Daşoguz Welaýat çagalar kitaphanasy

Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasy    1949-nji ýylda  Daşoguz     şäher   kitaphanasy  hökmünde  açylýar.1960-njy ýylyň 5-nji  iýulyndan  Daşoguz    welaýat  çagalar  kitaphanasy diýilip  atlandyrylýar. Welaýat çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň gaznasy bolmak bilen çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna  görä  hyzmat edýär. Kitaphanada katalog ulgamy döredilip, ondan okyjylaryň giň köpçüligi peýdalanýar. Ýaş okyjylaryň okaýşyna ýolbaşçylyk  etmegi gowulandyrmak maksady bilen  birnäçe çäreler durmuşa  geçirilýär. Türkmen Diýarymyz Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, kitaphananyň işi täze many-mazmuna eýe boldy. Işiň esasy ugry  ösüp gelýän ýäş nesillerde watançylyk duýgusyny terbiýelemeklige gönükdirilendir. Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  çagalar kitaphanasy  çagalaryň söýgüli we gelim-gidimli ýerine öwrüldi.  Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalar kitaphanasy medeni ojaklaryň biri bolup çagalar we ýetginjekleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen okamaga ýolbaşçylygyň dürli usuly nusgalaryny ulanýar. Kitaphana görnüşi we maksatlaýyn işi boýunça çagalaryň hem-de ýetginjekleriň kitaba bolan islegini kanagatlandyrmak neşir önümleriniň dürli görnüşlerine şol sanda  çagalar üçin  taýýarlanylýan  ylmyň dürli ugurlary boýunça çap edilen neşirlere, çeper edebiýata,  döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary  okamaga çekmek babatdaky  esasy  işini guramaga  täzeçe çemeleşmek işini amala aşyrýar. Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  alyp barýan syýasatyny wagyz etmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen welaýatymyzyň çäklerinde gurlup ulanylmaga berlen 300 orunlyk “Altyn nesil” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde  möwsümleýin guralýan  dynç alyş çärelerinde  kitaphananyň hünärmenleri öz  wezipesine girýän işleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar. Kitaphana çagalary we ýaşlary kitaphana çekmek işinde  döwrebap usullary iş ýüzünde ornaşdyrmak, okyjylaryň kitaba bolan isleglerini öwrenmek, iş ugurlarynyň  häzirki zaman görnüşlerini ulanmak babatda okyjylar bilen dürli medeni çärelerini geçirýär.Bu çäreler mekdebe çenli çagalar edaralarynda,  orta mekdeplerde,  olaryň okyjy toparlarynyň, aýratynlyklaryny nazara almak şerti bilen gurnalýar. Kitaphananyň  umumy  meýdany  1307,2   bolup, kitaphananyň hazynasynda  76057 sany,  türkmen dilinde 14791 sany,    rus dilinde  59676 sany,  beýleki dilde  1590 sany bolup her gün gelýän okyjylara,  açyk hazynadan, kitap saklanýan bölümden talapnama esasynda hem-de çagalarar degişli ertekileri hem-de okalga zalynda bar bolan kitap sergileriň üsti bilen hyzmat edilýär.                                                                                                      

 —   Kitaphanada   bir  sany  50 orunlyk okalga  otagy bar.   Kitaphananyň 3 otagynda kitap  hazynasy     ýerleşdirilen.