Daşoguz şäheriniň Merkezi şäher kitaphanasy

1976-njy ýylda Daşoguz welaýat ýetginjekler kitaphanasy döredilýär. Ol 2010-njy ýylyň 1-nji mayynda Daşoguz şäheriniň merkezi şäher kitaphanasyna öwrülýär. Kitaphananyň neşirleri toplamak we işlemek bölümi, neşirleri saklamak we hyzmat ediş bölümi we syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölümçesi, usuly bölümçesi bar. Daşoguz şäheriniň merkezi şäher kitaphanasy 2014-nji ýyldan bäri Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 40-njy jaýynda ýerleşýär. Kitaphananyň tutýan içki meýdany 521,45 inedördül metre barabardyr. Kitaphanada üç sany kitap gaznasy üçin (umumy meýdany 153 inedördül metr) we bir sany gazet-žurnallary saklamak (36,7 inedördül metr) üçin otaglar bar. Kitaphananyň okalga otagy 40 okyja niýetlenen, bulardan başga-da kitaphanada abonement otagy we birnäçe iş otaglary bar. Kitaphanamyzda Mähriban we Gahryman Perezidentimiziň eserlerini her bir okyja ýetirmek maksady bilen “ Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolynyň ýüregi” I-II jilti, “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan melhemler mekany”, “Ganatly bedewler” ,”Milli lider”,”Döwlet guşy”,”Medeniýet halkyň kalbydyr” Ile döwlet geler bolsa...”,”Çaý–melhem hem ylhan”,”Arşyň nepisligi”, ’’Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” we beýleki eserlerinden okyjylar konferensiýasy, okyjylar bilen söhbetdeşlikler, yzygiderli geçirilýär. Her bir täze çap edilen eserlerden tanyşdyrylyş dabaralary, medeni-köpçülik çäreleri geçirilýär. Kitaphanada bitewi elektron kitaphana ulgamy işleýär bu okyjylarymyza döwrebap hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Kitaphana gazetleriň 18 görnüşini,žurnallaryň 14 görnüşini alýar. 2018-nji ýylda kitaphanada 5536 okyja hyzmat edilip, olara bilimleriň dürli pudaklaryna degişli jemi 54581 neşirler okamaga berildi.

Daşoguz şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň 1-nji kitaphana şahamçasy

Daşoguz şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphana şahamçasy 2010-njy ýylyň 1-nji iýunynda açyldy we şäheriň Merkezi 13/2 jaýynda ýerleşýär. Ol iki otagdan ybarat bolup, umumy meýdany 105 m2 barabardyr.Kitaphana şahamçasy ýylda 1200-den köpräk okyja hyzmat edip, olara 11 müňden gowrak kitap okamaga berýär.Kitaphana şahamçanyň 5 muňden gowrak bilimleriň dürli pudagyna degişli kitap gaznasy bar.

Okalga otagy

Kitaphananyň sorag-jogap otagy

Kitap gaznasy

I am text block. Click edit button to change this text. Lorem ipsum dolor sit amet, consectetur adipiscing elit. Ut elit tellus, luctus nec ullamcorper mattis, pulvinar dapibus leo.

Elektron ulgama kitaplary ýüklenýän otag

Salgysy: Daşoguz şäheri Magtymguly şaýolynyň 40-njy jaýy.

Telefon  belgisi:  7-032-81, 7-03-80

 Işleýär:  9-dan 18-e çenli

Ýekşenbe:9-dan 14-e çenli