Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasy

Kitaphananyň 35097-sany kitap hazynasy bolup, bilimiň dürli pudaklaryna degişli edebiýatlardan giň okyjylar köpçüligi peýdalanýarlar. Merkezi kitaphanada birbitewi elektron ulgamy hereket edýär. Hazynada bar bolan kitaplary elektron ulgama ýüklenip, täze gelen okyjylar elektron ulgam boýunça hasaba alynýar.

Okyjy kartoçkasyny döretmek we okyjy petegini taýýarlap açyp bermek, Kitaphananyň nusga göçüriji enjamyndan peýdalanmak, Bir şahsyýet barada doly maglumat taýýarlap bermek, Edebiýatlaryň annotirlenen sanawyny taýýarlap bermek, Kitaphana bilen tanyşdyryş ekskursiýasyny geçirmek, Kitaphananyň kompýuter enjamyndan peýdalanmak.

Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren ajaýyp döwrümizi, döwletimiziň ösüşi, özgerişini wasp edýän köpçülik çäreler bilen okyjylaryň arasynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz döwletimizde bolup geçýän uly ösüşler ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler kitaphanalaryň işine öz täsirini ýetirýär, kitaphana işini täzeçe guramagyň depginlerini yzygiderli güýçlendirilmegini talap edýär. Döwletiň ösmeginde kitaphanalar ähli ruhy baýlyklary özünde jemläp, türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy galkynyşyny döretmekde möhüm orny eýeleýär.

Kitaphanada bäş sany bölüm, syýasy-jemgyýetçilik, edebiýatlary bölümi, neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölümi, neşirleri toplamak we işlemek bölümi hem-de çagalar bölümçesi hereket edýär we ýokary we ýörite orta bilimli kitaphanaçylar zähmet çekýärler. 

Okyjy zalyndaky orunlaryň sany 18 adama niýetlenen.

Boldumsaz etrap merkezi kitaphanasynyň garamagynda 3-sany oba kitaphana şahamçasy bolup.

Olar: 10-ýyl Abadanlyk geňeşliginde ýerleşýän kitaphana şahamçasy, Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäheriniň Türkmenbaşy köçesiniň 6a  jaýynda ýerleşýär.

Rowaçlyk geňeşliginde ýerleşýän kitaphana şahamçasy, Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň “Galdow” obasynyň  

  1. Ýollyýew köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýär.
  2. Atamedow adyndaky geňeşliginde ýerleşýän kitaphana şahamçasy, Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky geňeşliginiň “Göbekli oý” obasynyň Galkynyş köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýär.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäher Ýegendurdyýew köçesiniň 14-nji jaýy. telefon: 8 00 346 31 1 70

Kitaphananyň iş wagty:

Iş günleri: 9:00-18:00

Dynç günleri: 9:00-13:00