Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap merkezi kitaphanasy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap merkezi kitaphanasy 1937-nji ýylda açylýar. Kitaphana  açylan wagty onuň kitap gaznasy 353 sany kitap bolupdyr. Kitaphananyň häzirki binasy ýörite kitaphana üçin niýetlenendir. Ol 1966-njy ýylda gurlup ulanylmaga berildi.  Kitaphananyň kitap gaznasy  46974 sany. Kitaphanada 3 sany bölüm  we 1 sany bölümçe bar. Olar “Syýasy-jemgyýetçilik edebýatlary”, “Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek”,we“Neşirleri toplamak we işlemek” bölümleri hem-de çagalar bölümçesidir.

“Syýasy-jemgyýetçilik edebýatlary”

“Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek”

“Neşirleri toplamak we işlemek”

Akdepe etrap merkezi kitaphanasynda elektron kitaphana ulgamy hyzmat edýär.Şeýle hem okyjylar köpçüligi kitaphanada bar bolan elektron kitaplardan peýdalanyp bilýärler.Kitaphanada 2017-nji ýylda elektron kitaphana ulgamy döredilip elektron kataloga kitaplar ýüklenilýär. Elektron katolaga ýüklenen kitaplaryň sany şu günki günde 24101  kitapdan ybaratdyr. Okyjylara elektron katalogdan peýdalanmaga giň mümkinçilik döredilendir. Kitaphanada ýurdumyzda gecirilýän baýramçylyklara hem-de belli ýazyjy-şahyrlaryň,meşgur adamlaryň ömri  we döredijiligine bagyşlanyp dürli medeni- köpçülik çäreleri geçirilýär. 

Çagalara hyzmat edýän bölümçe kiçi yaşly okyjylara hyzmat edyär.Hazirki wagtda galkynyş kitap merkezinden gelyän çagalara niýetlenip dürli suratlar bilen bezelen ertekidir, hekaýaly, goşgylar
Goşgyly kitaplar ýasajyk okyjylary has-da özüne çekýär.
Bu bolümde ýaş okyjylar bilen dürli mowzuklardan şeýle hem baýramçylykara bagyşlap basleşikler ,çagalr ertirlikleri ýygy-ýygydan geçirlip durylýar
Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi ýurdumyzda çap edilýän syýasy çeper edebiýatlar döwürleýin neşirler şeýle hem ýurdymyzda bolup geçýan syýasy wakalar bilen okyjylarymyzy tanyşdyryp durýar
Şeýle hem etrabymyzyň çäginde göçme sergileri hem -de göçme kitaphanalry guraýar.
Neşirleri toplamak we işlemek bölümi bolsa kitaphana gelýän neşir onümlerini hasaba alýar hem -de olaryň tehniki işlerini ýerine ýetirýär.
Hem-de kitaphana täze gelen kitaplary elektron ulgama ýükleýär.
Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölümi okyjylar otagynda hem -de kitap saklanýan bölümde ojyjylara hyzmat edýär hem-de okyjylar baradaky maglumatlary elektron ulgama ýükleýär.Dürli mowzuklara,meşhur şahsyýetlerin belli senelerine bagyşlap baýramçylyk çareleri,sergileri guraýar.
Okalga otagynda okyjylara elektron katalog ulgamyndan peýdalanmaga giň mümkinçilik döredilen.

Akdepe etrap merkezi kitaphanasynyň üç sany kitaphana şahamçalary okyjylara hyzmat edýär. Olar Akdepe etrabynyň Pagtaçylyk geňeşligindäki kitaphana şahamçasy. Onuň ýerleşýän ýeri Akdepe ertabynyň Pagtaçylyk geňeşliginiň Medet obasynyň Watan köçesiniň 14-nji jaýy. Akdepe etrabynyň  Mollanepes adyndaky geňeşligindäki kitaphana şahamçasy. Ýerleşýän ýeri Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky geňeşliginiň Watan obasynyň Derekli köçesiniň 8-nji jaýy. Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligindäki kitaphana şahamçasy. Ýerleşýän ýeri Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň Ataýap obasynyň Parahat köçesiniň 82-nji jaýy. Akdepe ertap merkezi kitaphanasynda kompýuter enjamlary bar.

Akdepe etrap merkezi kitaphanasynyň salgysy:

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäheriniň Magtymguly köçesiniň №8-nji jaýy

Kitaphananyň iş wagty: Hepdäniň ähli günleri

  sagat 9-00-dan 18-00 çenli.     Ýekşenbe güni sagat 9-00- dan                                           13-00 çenli.