Esasy sahypa

Daşoguz Welaýat Kitaphanasy

1925-nji ýylyň 1-nji martynda Daşoguz şâher merkezi kitaphanasy hökmünde döredilýâr. 1971-nji ýyldan bäri Daşoguz welaýat kitaphanasy bolup işleýâr.
Kitaphana hasabynda duran kitap gaznasynyň esasynda okyjylaryň giň köpçüligine kitaphana, habar beriş hyzmatyny amala aşyrmagy guraýar. Kitaphana hünârmenleri üçin kitaphana, bibliografıýa we usuly hyzmatlarynyň ýörite görnüşlerini bellenilen tertipde guraýar, kitaphana sebitde kitaphana hyzmatyny alyp barmak üçin goşmaça düzgünleri, iş usullarynyň aýratynlyklaryny girizyâr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şâherinde welaýat kitaphanasyny gurmak hakynda” 2012-nji ýylyn 10-njy dekabrynda çykaran 12689-njy kararyna laýyklykda, gurluşygyn buýrujysy bolup çykyş eden Daşoguz welaýat hâkimliği bilen, gurluşygyň potratçysy “Myradym” hususy kârhanasynyn arasynda baglaşylan şertnama esasynda Daşoguz şâherinde Daşoguz welaýat kitaphanasynyn tâze binasy 2014-nji ýylyn sentýabr aýynyn 23-ine dabaraly ýagdayda açyldy.
Daşoguz welaýat kitaphanasyny tâze binasynyň binagârlik nusgasyny, şâheriň çâklerinde ýerleşyân beýleki desgalardan tapawutly bolmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň çäklerinde amala aşyrylýan şâher-gurluşyk maksatnamasynyň düzüminiň köpugurly bolmagy bilen şertlendirilýâr we bu kitaphananyň tâze binasynyň binagârlik çözgüdiniň milli aýratynlyklary hem-de gurluşyk ulgamynyň hâzirki zaman talaplaryny özünde jemleyândigi bilen tapawutlanýandygyny alamatlandyrýar.
Kitaphananyý tâze binasynyň umumy tutýan meydany 2 gektardan gowrak bolup, binanyň beýikligi 42,5 metr, ini 43 metr, gapdal uzynlygy 104 metre barabardyr. Kitaphana ýerzemin gaty bilen 8 gatdan ybarat. Kitaphanada 1 million neşir birliğini saklamak hem-de birbada 600 okyja hyzmat etmek üçin âhli mümkinçilikler döredilen, kitaphananyň 8 sany umumy okalga zallary bar.
Kitaphananyň tâze binasynda kitap gaznasynyň talaba laýyk saklanylmagy, şol sanda seyrek neşirleriň goralyp saklanylmagy üçin aýratyn ýerler göz önünde tutulan.
Binada hâzirki zaman tehniki enjamlar oturdylan çaphana, rejeleýiş we dikeldiş bölümi, neşirleri arassalamak işlerini geçirmek üçin niýetlenilen ayratyn iş otaglary, fotolaboratoriýa, elektron kitaplary okamak we elektron katalogyň üsti bilen gözleg amallaryny ýerine ýetirmek üçin hazirki zaman sensor enjamlary oturdylan.
Kitaphanada 20 orunlyk internet zaly, enjamlaşdyrylan 20 orunlyk kompýuter otagy, çağalar we 20 orunlyk oyun otagy, ýörite bölümleriň iş otaglary, golasty gazna üçin gaznahanalar göz önünde tutulan, kitaphananyň 1-nji gatynda 100 orunlyk mejlisler zaly, şeýle- de “Türkmen kitabynyň taryhy” müzeýi bar.
Kitaphanada jemi 8 sany umumy okalga zallary bar, her okalga zaly 64 okyja niýetlenen, okyjy zallary kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen, şeyle-de hünärmenleriň iş otaglary, okyjylary hasaba almak we kitap bermek boýunça ýörite beketler ýerleşdirilen.
Kitaphananyň ýokarky gatlarynda hünärmenleriň iş otaglary, 7-nji gatynda Obserwatoriýa yerleşyâr, kitaphananyň gümmezi açylyp-ýapylyar, onda obserwatoriýa üçin niýetlenilen iş otagy bolup, hazirki zaman kompýuter enjamlary, Germaniýa Respublikasynda öndürilen Teleskop enjamy oturdylan.
Kitaphananyň ýöriteleşdirilen bölümleriniň sany 9.
Kitaphanada 30 hünärmen işleýâr, kitaphananyň okyjylarynyň gatnaşyk sany her aýda 8400-den geçýâr.
Kitaphananyň kitap gaznasy 160000 müňden artykdyr. Daşoguz welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli 43 sany kitaphana hereket edyar.

Bizin salgymyz

Kitaphananyň iş wagty:
iş günleri: sagat 9.00-18.00.
Ýekşenbe günleri: sagat 9.00 — 16. 00.
arakesmesiz.
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň salgysy: Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz şaheri, Andalyp köçesi, jaý 23, telefony: 9-29-75, 9-15-14, 9-25-42.

Esasy giriş